- uk
- [u:k]Ýokary ujy tüýnüge, aşaky ujy tärime berkidilýän we öýüň üstki bölegini emele getirýän uzyn inçe agaç.∙ Öýüň çagarygy gurum bilen doludy, uklarynyň balalary ikinji gezek çykarylypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Uklary iki ýana ýaýyp tärimiň üstünden aşyrylyp hem öýe girmek bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, dymyk k çekimsizi açyk g çekimsizine öwrülýär.Meselem uk - ugum, uguň.◊ uguny ýekelemek — Geplände birine garşy çykman, göwnünden turup bar syryny bilmek, ugruna kowmak, göterilmek.∙ Elli ilki başlygyň uguny ýekeledi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.